Dünýäde suwuň rejeli ulanylmagynyň ähmiýeti

Nurmyrat Mommaýew
Dünýäde suwuň rejeli ulanylmagynyň ähmiýeti
Häzirki wagtda adamzadyň umumy sarp edýän suw möçberiniň 70%-i oba hojalygynda ulanylýar.

Bilermenleriň çaklamalaryna görä suwuň rejeli ulanylmagy öňümizdäki 20 ýylda suw bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýän ýurtlar üçin möhüm syýasatlaryň biri bolar. Howanyň üytgemegi sebäpli häzirki wagtda dünýä ilatynyň 40%-i suw üpjünçiligi boýunça kynçylyk çekýär. Dünýäniň tebigy baýlyklar boýunça institutynyň (WRI) maglumatlaryna görä, howanyň üýtgemegi netijesinde dünýäniň käbir sebitlerinde guraklyk we käbir sebitlerinde bolsa aşa ýagyşlar sebäpli sil suwlary bilen bagly ýagdaýlaryň bolup geçjekdigi çaklanylýar. Dünýä ilatynyň artmagy bilen bir hatarda adamlar tarapyndan sarp edilýän suw möçberleriniň hem ýokarlanmagyna garaşylýar.

Bilermenler günsaýyn ýokarlanýan dünýä ilaty bilen bilelikde senagat pudagynyň talaplaryny we ilatyň iýmit üpjünçiligini kanagatlandyrmak üçin oba hojalyk önümçiligini 2050-nji ýyla çenli 70% ýokarlandyrmagyň zerur boljakdygyny çak edýärler. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde ýokarlanýan ilat sany ähli pudagyň suwa bildirýän talabyny hem ýokarlandyrar. Ýer şaryndaky suw baýlyklarynyň köpelmejekdigi göz öňünde tutulanda, öý hojalygy bilen senagat pudagynyň suwa bolan islegini kanagatlandyrmak üçin oba hojalygynda ulanylýan süyji suwuň 25-40%-ini bu pudaklarda ulanmak ähtimallygy ýokarlanýar. Häzirki wagtda adamzadyň umumy sarp edýän suw möçberiniň 70%-i oba hojalygynda ulanylýar.

Dünýäde süýji suwuň takmynan 70%-iniň oba hojalygynda ulanylmagy bu pudakda suwyň tygşytlanmagyny talap edýär. Bilermenler suw ýitgilerini azaltmak üçin suwuň bugarmagy we topragyň ony siňdirmegi bilen baglanyşykly ýitgileriň öňüni almagyň zerurdygyny nygtaýarlar. Şeýle hem, suw akabalaryndaky ýitgileriň öňüni almak üçin suwuň beton kanallar ýa-da uly turbalar arkaly daşalmagynyň takmynan 25%-den 35%-e çenli suwuň tygşytlanyp boljakdygyny belleýärler.

Häzirki döwürde suwy tygşytlamak we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, kämil suwaryş ulgamlary ulanylýar. Akabalardan ekin meýdanlaryna akdyrylýan adaty suwaryş ulgamy suwuň buglaşmagyna, netijede suwuň isrip bolmagyna sebäp bolýar. Oba hojalygynda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanýan kompaniýalar damjalaýyn suwarmak ýa-da emeli bulut döretmek ýaly usullary ulanýarlar. Türkmenistanda hem bu usullar we tejribeler giňden ýaýbaňlandyrylyp, bu ugurda ýurduň hökümeti oba hojalygy pudagyna degişli goldawy berýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktorant

2022