Türki döwletleriň guramasynyň sammiti şu ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriler.
Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar berşine görä, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda sişenbe güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Samarkantda geçiriljek sammit barada pikir alşyldy.
Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywan Şertnamasy esasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe döwletleri tarapyndan esaslandyryldy. 2018-nji ýylda Özbegistan bu guramanyň doly agzasy bolup, Wengriýa synçy döwlet hökmünde goşuldy.
Türkmenistan geçen ýylyň noýabr aýynda Türki döwletleriň guramasyna synçy döwlet hökmünde goşuldy.