Gyrgyzystanda şu ýylyň 21-nji iýulynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygy geçiriler.
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk işleri we maslahatyň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Bellenilişi ýaly, sammit Yssyk-Kölüň kenaryndaky syýahatçylyk zolagy bolan Çolpon-Ata şäherinde geçiriler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň bu çärä gatnaşmak çakylygyny eýýäm kabul edendikleri nygtaldy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammiti 2018-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda, ikinjisi – 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde, üçünjisi – 2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.