Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.
“Sindzo Abe görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Ýaponiýanyň hem-de onuň halkynyň abadan, bagtyýar ýaşamagy ugrunda ägirt uly işleri bitirdi” diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Ol türkmen halkynyň hakyky dosty bolmak bilen, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we berkidilmegine uly goşant goşdy diýip, Serdar Berdimuhamedow Sindzo Abeniň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna, şeýle-de Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministr Fumio Kisida hem-de Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hiroýuki Hosoda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.