Iýul I hepde: eksport geleşikleri $15 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iýul I hepde: eksport geleşikleri $15 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 15 million 535 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileriniň söwdalarynyň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, Owganystanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi.

Manat serişdelerine Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 390 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Içerki bazar üçin ýurdumyzyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen, jemi bahasy 80 million manada golaý bolan owradylan tehniki kükürdi, el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022