Türkmenistanda azyk bazaryna döwlet gözegçiligi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda azyk bazaryna döwlet gözegçiligi
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti zerur bolan mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azyk bazarynda kesgitlenen döwlet nyrhlaryny bellemäge haklydyr.

“Azyk howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, azyk bazaryna döwlet gözegçiligi Türkmenistanda azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansynyň esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we onuň tarapyndan ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Azyk bazaryna döwlet gözegçiligi şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • azyk öndürilişini, onuň üpjün edilişini we haryt ätiýaçlyklaryny hasaba almagy, şeýle hem azyk bazarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmegi;
  • azygyň lomaý tapgyrlarynyň onuň öndürilenden ýa-da importyndan tä sarp edijileriň üpjün edilmegine çenli hereketine gözegçilik etmegi;
  • azygyň hiliniň we howpsuzlygynyň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklygyna sertifikatlaşdyrmagy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti zerur bolan mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azyk bazarynda kesgitlenen döwlet nyrhlaryny bellemäge haklydyr.

Çeşme: “Azyk howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022