FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary üç aýlap yzygiderli peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary üç aýlap yzygiderli peseldi
FAO-nyň galla görkezijisi maý bilen deňeşdirilende 4,1% peseldi, emma geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 27,6% ýokarlandy.

Iýun aýynda azyk önümleriniň global bahalary üçünji aý yzygiderli peseldi, ýöne mart aýyndaky rekord bahasyna ýakyn bolmagynda galýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 154,2 bala ýetdi. Indeks maý aýy bilen deňeşdirilende 2,3% peseldi. Emma muňa garamazdan, indeks mart aýyndaky (159,7 bal) iň ýokary rekord derejesine ýakyn bolmagynda galýar. Peselmä garamazdan, iýun aýyndaky indeks geçen ýyl bilen deňeşdirilende 23.1% ýokarydyr.

Bellenilişi ýaly, azyk önümleriniň global bahalaryna güýçli global talap, käbir esasy ýurtlarda amatsyz howa ýagdaýlary, ýokary önümçilik we ulag çykdajylary, COVID-19 sebäpli üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi täsir edýär.

FAO-nyň galla görkezijisi maý bilen deňeşdirilende 4,1% peseldi, emma geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 27,6% ýokarlandy. FAO bu pese gaçmagyň demirgazyk ýarym şarda täze hasylyň alynmagynyň, käbir iri öndüriji ýurtlarda ekin şertleriniň gowulaşmagynyň we Russiýada has ýokary önümçilik mümkinçilikleriniň esas bolandygyny aýtdy.

Ösümlik ýagynyň bahasy maý aýy bilen deňeşdirilende 7,6% we şekeriňki 2,6% peseldi.

Iýun aýynda FAO-nyň et baha indeksi 1,7% ýokarlandy we täze rekord derejä ýetdi, süýt önümleriniň görkezijisi bolsa ozalky aý bilen deňeşdirilende 4,1% ýokarlandy.

FAO 2022-nji ýylda dünýädäki galla önümçiligi boýunça täze çaklamasyny hem paýlaşdy. Çaklama görä, FAO galla önümçiliginiň 2022-nji ýylda 2 milliard 792 million tonna ýetmegine garaşýar. Ozal galla önümçiliginiň 2 milliard 784 million tonna babar boljakdygy çaklanypdy.

2022