BMG Merkezi-Günorta Aziýanyň arasyndaky baglanyşygy berkitmek baradaky kararnamasyny kabul etdi

BIZNES TURKMENISTAN
BMG Merkezi-Günorta Aziýanyň arasyndaky baglanyşygy berkitmek baradaky kararnamasyny kabul etdi
Kararnama Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan taýýarlanyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş assambleýasy duşenbe güni Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag baglanyşygyny berkitmek baradaky kararnamasyny kabul etdi.

Kararnamada Merkezi we Günorta Aziýada ulag aragatnaşygyny gazanmak maksady bilen howpsuz, elýeterli we durnukly ulag ulgamlaryny döretmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti görkezilýär. Bu barada Hytaýyň “Xinhua” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Kararnama ulag, maglumat, aragatnaşyk we tehnologiýa infrastrukturasyny giňeltmek hem-de amatly, durnukly, elýeterli we howpsyz deňiz portlaryna ygtybarly ýollary açýan täze halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine hem-de ösdürilmegine itergi berýär.

Şeýle hem, kararnamada Owganystanyň Merkezi we Günorta Aziýany birleşdirmekdäki mümkinçiligine uly ähmiýet berilýär.

Mundan başga-da, täze kabul edilen resminamada Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda energiýa baglanyşygynyň ähmiýeti görkezilýär.

Kararnama Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan taýýarlanyldy.

2022