Ýewronyň hümmeti ABŞ dollary bilen deňleşdi

BIZNES TURKMENISTAN
Ýewronyň hümmeti ABŞ dollary bilen deňleşdi
Ýewropanyň Merkezi Bankynyň maglumatlaryna görä, ýylyň başyndan bäri ýewronyň ABŞ dollaryna bolan alyş-çalşygy 10% pese gaçdy.(Surat: AFP)

Soňky 20 ýylyň dowamynda ýewro bilen ABŞ dollarynyň arasyndaky alyş-çalyş hümmeti sişenbe güni ilkinji gezek deňleşdi, ýagny bir ABŞ dollarynyň bahasynyň bir ýewro barabar boldy.

Netijede Ýewropanyň kompaniýalary we sarp edijileri import edilýän harytlar we hyzmatlar üçin has köp pul töleýärler, emma Ýewropanyň eksporty halkara bazarlarynda arzanlaýar.

Birža bazarlaryndaky söwdagärler ýokary inflýasiýa we energiýa üpjünçiligi näbelliligi sebäpli Ýewropa ykdysadyýetiniň çökgünlige tarap barýandygyny çaklaýarlar. Bu barada “Euronews” täzelikler teleýaýlymy habar berýär.

Ýewropa Bileleşiginiň 19 ýurdunyň ýeke-täk walýutasynyň gymmaty 2002-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri ABŞ dollarynyň hümmeti bilen deňleşmedi we ondan aşak düşmedi.

Şondan bäri, ýewro yzygiderli ýokarlandy we 2008-nji ýylyň tomsunda ABŞ-da Beýik ykdysady çökgünlik emele gelen wagty takmynan 1,60 ABŞ dollaryna ýetdi.

Ýewropanyň Merkezi Banky inflýasiýany peseltmek maksady bilen göterim töleglerini ýokarlandyrdy we ýagdaýyň ýaramazlaşmagy zerarly ony dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

Ýewropanyň Merkezi Bankynyň maglumatlaryna görä, ýylyň başyndan bäri ýewronyň ABŞ dollaryna bolan alyş-çalşygy 10% pese gaçdy.

2022