Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda oňa BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýurda sapar bilen gelmek hakyndaky çakylygyny gowşurdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda energetika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.
Myhman BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyga hem-de täze, geljegi uly taslamalara gatnaşmaga çalyşýandyklaryny tassyklady.
Şeýle-de BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri öz saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar “ýaşyl ykdysadyýetiň” ähmiýetini bellemek bilen, bu ulgamda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly energiýany ulanmak boýunça pikir alyşdylar.