Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplükler eksporta satyldy.
Ermenistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri söwdalarda umumy bahasy 3,4 million ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplükleri satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni mälim etdi.
Türkiýäniň wekilleri dokma önümlerini satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 8,8 million manada barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 15 million 535 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.