Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gaz (STG), uçar kerosini we nah ýüplük eksporta satyldy.
Owganystanyň wekilleri umumy bahasy 2,8 million ABŞ dollaryna deň bolan bäş müň tonna STG-ni satyn aldylar. Söwdalarda STG-niň bahasy 6,7% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy 566,80 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB anna güni mälim etdi.
BAE-nyň we Owganystanyň telekeçileri TS-1 uçar kerosininiň 20 müň tonnasyny (önümiň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 187,25 ABŞ dollary) satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 23,7 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Manat serişdelerine Wallis we Futuna adalarynyň wekilleri umumy bahasy 2,7 million manatlyk nah ýüplük satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 15 million 535 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.