Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň resmisi bilen duşuşdy we Samarkanda sapar etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň resmisi bilen duşuşdy we Samarkanda sapar etdi
Iki ýurduň Döwlet Baştutanlary Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna bina edilen ýadygärlikler toplumyna bardylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşudy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şu günki duşuşygyň türkmen-özbek parlament gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Şeýle-de Özbegistana saparynyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherine ugrady. Samarkandyň Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet Baştutanlary Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna bina edilen ýadygärlikler toplumyna baryp, onuň hormatyna gül desselerini goýdular.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri orta asyrlaryň ähmiýetli desgalarynyň biri hasaplanýan Ulugbegiň obserwatoriýasyna baryp, onuň çägindäki muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanlary Teýmiriň aramgähine, Ulugbeg, Şerdor we Tilla-Kori ýaly üç sany medresäni özünde jemleýän XV — XVII asyrlara degişli ajaýyp binagärlik toplumy bolan Registan meýdançasyna bardylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022