Türkmenistanyň başlangyjy boýunça duşenbe güni Aşgabatda Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran we Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugurlary boýunça halkara ulag geçelgelerini döretmäge gönükdirilen iş toparynyň ilkinji ýygnagy geçirildi.
Türkmen tarapynyň bu başlangyjy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem halkara garyşyk ýük gatnawlarynda ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmek boýunça öňe sürildi. Bu barada “Orient” agentligi habar berdi.
Bu duşuşyga Türkmenistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ulag boýunça döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem, duşuşygyň barşynda howply harytlaryň, barlag nokatlarynyň, gara we demir ýollaryň kartalarynyň bitewi sanawyny döretmegiň maksadalaýyklygy barada aýdyldy.
Bu ýygnak “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: baglanyşyk we ösüş” atly iki günlik konferensiýanyň çäklerinde geçirildi.