Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda halkara ulag üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyga (Aşgabat ylalaşygy) gatnaşyjy ýurtlar şu ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda bu geçelge boýunça synag ýük daşamalaryny guramagy meýilleşdirýärler.
Bu daşamalaryň guralmagy Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň iş toparynyň duşenbe güni Aşgabatda geçirilen üçünji mejlisinde maslahatlaşyldy.
Synag ýük daşamalary mümkin boljak päsgelçilikleri ýüze çykarmak hem-de ýükleri ýetirmegiň möhletlerini kesgitlemek üçin Hindistan-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan hem-de Oman-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan ugurlary boýunça gara we demir ýollar, konteýnerler arkaly amala aşyrylar. Bu barada “Orient” agentligi habar berdi.
Iş toparynyň duşuşygy “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: baglanyşyk we ösüş” atly iki günlik konferensiýanyň çäklerinde geçirildi.
Iş maslahatynyň dowamynda wekiliýetler ikitaraplaýyn hem-de üstaşyr awtoulag ýük daşamalary amala aşyrylanda dürli päsgelçilikleri aradan aýyrmak boýunça çärelere, bu geçelge boýunça demir ýol ulagy üçin ýeke-täk nyrhy girizmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar.
“Aşgabat ylalaşygy” 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde güýje girdi. Onuň öňýanynda bu babatda Özara düşünüşmek hakynda ähtnama kabul edildi, bu resminama 2014-nji ýylyň awgustynda Omanyň Maskat şäherinde Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleri gol çekdiler. Häzirki wagtda ylalaşyk hem-de ähtnama dört ýurtlaryň ählisi tarapyndan kabul edildi.