Ýewropa Bileleşigi Azerbaýjandan tebigy gazyň importyny iki esse artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropa Bileleşigi Azerbaýjandan tebigy gazyň importyny iki esse artdyrar
Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti Ursula fon der Lýaýen bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşenbe güni Baku şäherinde geçirilen duşuşyk (Surat: President.az)

Ýewropa komissiýasy bilen Azerbaýjan 2027-nji ýyla çenli Azerbaýjanyň tebigy gazynyň Ýewropa eksportyny iki esse artdyryp, ony azyndan 20 milliard kubmetre ýetirmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Ähtnama Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti Ursula fon der Lýaýen we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan duşenbe güni Baku şäherinde gol çekildi. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň resmi saýtynda çap edilen metbugat beýanatynda habar berilýär.

ÝK-nyň Prezidenti duşenbe güni irden Azerbaýjanyň paýtagtyna sapary başlapdy. Bu sapar esasan Ýewropa Bileleşigine energiýa serişdeleriniň eksportyny artdyrmak boýunça gepleşikleri geçirmäge gönükdirilendir.

Ilham Aliýew bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnakda Ursula fon der Lýaýen Azerbaýjanyň ÝB üçin energiýa pudagynda ygtybarly hyzmatdaşdygyny belledi.

Resminama laýyklykda, Ýewropa tebigy gazyň eksportynyň artdyrylmagy Günorta gaz geçelgesini ulanmak arkaly gazanylar.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Azerbaýjan ÝB-ne gaz eksportyny ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirýär. Azerbaýjan 2021-nji ýylda ÝB-ne 8,1 milliard kubmetr tebigy gaz iberen bolsa, ol bu görkezijini şu ýyl 12 milliard kubmetre çykarmak ugrunda işleri alyp barýar.

Gruziýa, Türkiýe, Ermenistan, Russiýa, Eýran we Hazar deňzi bilen serhetleşýän Azerbaýjan 2020-nji ýylyň ahyrynda Günorta gaz geçelgesiniň üsti bilen Ýewropa tebigy gazy eksport edip başlady.

Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy şertnamasyna laýyklykda, Azerbaýjan häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny import edýär. Häzirki wagtda alyş-çalşyk usuly arkaly türkmen tebigy gazynyň Azerbaýjana eksportyny ýokarlandyrmak we türkmen gazynyň alyş-çalşygyny beýleki ýurtlara ýola goýmak boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

2022