Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlady

BIZNES TURKMENISTAN
Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlady
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili (Surat: Gruziýanyň hökümet administrasiýasynyň metbugat gullugy)

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili sişenbe güni resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Gruziýanyň hökümet administrasiýasynyň metbugat gullugy metbugat beýanatynda habar berdi.

Aşgabat halkara howa menzilinde Gruziýanyň Premýer-ministrini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Gruziýanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn wekili Awtandil Napetwaridze garşy aldy.

Saparynyň dowamynda Garibaşwili Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer.

Türkmenistana gelmezden ozal, Irakli Garibaşwili Özbegistanda iki günlük sapar amala aşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022