Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Premýer-ministri Garibaşwilini kabul etdi

BIZNES TURKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Premýer-ministri Garibaşwilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň duşuşygy, 2022-nji ýylyň 20-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Gruziýanyň hökümet administrasiýasynyň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwilini kabul etdi.

Gepleşiklerde ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, bilelikdäki taslamalar we ýurtlaryň üstaşyr mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Gruziýanyň hökümet administrasiýasynyň metbugat gullugy metbugat beýanatynda habar berdi.

Premýer-ministr Garibaşwili Gruziýanyň Türkmenistan bilen ýakyn syýasy we ykdysady gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri sebitleýin ulag taslamalary we olaryň mundan beýläkki ösüşleri barada pikir alyşdylar. Strategiki ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Hazar we Gara deňizleriniň üsti arkaly Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamagyň netijeliligini hem-de howpsuzlygyny ýokarlandyrýandygy bellenildi. Taraplaryň aýtmagyna görä, bu bolsa öz gezeginde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berýär.

Gruziýa täze gara we demir ýollaryň gurluşygyna hem-de deňiz portlarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin uly maýa goýýar. Gruziýanyň hökümet administrasiýasynyň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, netijede, Gruziýadan Gara deňze geçýän geçelgäniň ulanylmagy Türkmenistan üçin amatly hasaplanylýar.

Gepleşikleriň dowamynda energiýa pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlyga hem seredildi. Taraplar bu ugurda bar bolan hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili resmi sapar bilen sişenbe güni Türkmenistana geldi.

2022