Owganystanly telekeçiler TDHÇMB-da 3,000 tonna dizel ýangyjyny satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanly telekeçiler TDHÇMB-da 3,000 tonna dizel ýangyjyny satyn aldylar
BAE-niň we Owganystanyň telekeçileri A-98 görnüşli etilsiz awtoulag benzininiň jemi 1 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda Owganystanyň işewürleri L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjynyň 3 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmen dizeliniň bahasy geçenki söwdalar bilen deňeşdirilende 21,4% ýokarlanyp, onuň bir tonnasy 1 müň 208,75 ABŞ dollaryna deň boldy. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 600 müň ABŞ dolaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB çarşenbe güni mälim etdi.

Şeýle hem, Owganystanyň telekeçileri umumy bahasy 439 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan tebigy gazyň 750 tonnasyny satyn aldylar. Bu önümiň bahasy ozalky söwdalar bilen deňeşdirilende 3,5% artyp, bir tonnasynyň bahasy 586 ABŞ dollaryna barabar boldy.

BAE-niň we Owganystanyň telekeçileri A-98 görnüşli etilsiz awtoulag benzininiň jemi 1 müň tonnasyny satyn aldylar. Harydyň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 121 ABŞ dollaryna deň boldy. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 100 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler umumy bahasy 396 müň manada barabar bolan Т60-475-119 kysymly ýokary dykyzlykly polietileniň 22 tonnasyny hem-de 2 müň 300 manatlyk türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Sişenbe güni TDHÇMB-da umumy bahasy 5 million 100 müň ABŞ dollara we 398 müň 300 manada deň bolan geleşikleriň 14-si baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022