Türkmenistanyň Baştutany Merkezi Aziýada ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň wajyplygyny nygtady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Baştutany Merkezi Aziýada ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň wajyplygyny nygtady
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa sammitiniň dowamynda sebit ýurtlarynyň arasynda ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilemginiň wajyplygyny nygtady.

“Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

“Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir diýip hasaplaýaryn. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa-Hazar deňzi-Gara deňiz we Merkezi Aziýa-Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygy bellenildi.

Serdar Berdimuhamedow awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatlatdy we maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmegi teklip etdi. Duşuşygyň meselesi sebitiň içinde, şeýle hem onuň daşynda, Merkezi Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri bilen bagly boljakdygy nygtaldy.

“Sebitiň ulag babatdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek baradaky örän uly, ýöne anyk maksady öňde goýup bileris” diýip, Döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüne goşdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy. Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

2022