“Miwe merkezi” 374 müň gapdan gowrak gök önüm taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Miwe merkezi” 374 müň gapdan gowrak gök önüm taýýarlady
Diňe iýun aýynda kärhana boýunça 46 müň gap öndürilip, olar ýurdumyzyň bazarlaryna ugradyldy.

“Miwe merkezi” hojalyk jemgyýetinde şu ýylyň birinji ýarymynda 374 müňden gowrak banka gaplanan gök önüm taýýarlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, diňe iýun aýynda kärhana boýunça 46 müň gap öndürilip, olar ýurdumyzyň bazarlaryna ugradyldy.

Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 500 müň gap önüm öndürmäge niýetlenendir.

“Miwe merkezi” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Çärjew etrabynda ýerleşip, kärhana daşary ýurt  kompaniýalaryň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

2022