Türkmenistanyň Prezidenti Draupadi Murmuny Hindistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Draupadi Murmuny Hindistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Draupadi Murmu geçen penşenbe güni Hindistanyň parlamenti tarapyndan Prezident wezipesine saýlandy. (Surat: AP)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Draupadi Murmu Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda ýola goýlan hem-de däp bolan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Hindistanyň täze saýlanan Prezidenti Draupadi Murmu berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw etdi.

Draupadi Murmu geçen penşenbe güni Hindistanyň parlamenti tarapyndan Prezident wezipesine saýlandy. Prezidentlige saýlanan Draupadi Murmu duşenbe güni kasam kabul eder. Draupadi Murmu Pratibha Patilden soňra Hindistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ikinji zenandyr.

2022