TDHÇMB-da $42,4 millionlyk türkmen karbamidi eksporta satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da $42,4 millionlyk türkmen karbamidi eksporta satyldy
“Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilen karbamidiň bir tonnasynyň bahasy 283 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda Singapuryň wekili umumy bahasy 42,4 million ABŞ dollaryna deň bolan “B” görnüşli karbamidiň 150 müň tonnasyny satyn aldy.

Balkan welaýatynda ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilen karbamidiň bir tonnasynyň bahasy 283 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.

Içerki bazar üçin ýerli işewürler umymy bahasy 1,9 million manada deň bolan Т60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 110 tonnasyny, şeýle hem 3,7 million manatlyk gyzdyrylan nebit koksunyň 1 müň tonnasyny we 4,2 million manatlyk nebit koksunyň 2 müň tonnasyny satyn aldylar.

Şeýle-de türkmen telekeçileri umymy bahasy 3,8 million manatlyk dürli görnüşli nebit bitumynyň 2,5 müň tonnasyny we 102,4 müň manada barabar bolan elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 42,4 million ABŞ dollaryna we 13,8 million manada barabar bolan 27 sany geleşik baglaşyldy.

2022