Russiýa Türkmenistana maýmyn mama keselini anyklamak üçin niýetlenen enjamlary ugratdy. Bu barada Russiýanyň “Rospotrebnadzor” federal gullugy çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda mälim etdi.
“Russiýanyň keseli anyklamak üçin niýetlenen enjamlary “Rospotrebnadzor” tarapyndan Ermenistana, Gazagystana, Özbegistana we Türkmenistana iberildi. Mundan başga-da, “Rospotrebnadzoryň” hünärmenleri maýmyn mama keseliniň laboratoriýa anyklaýyşy boýunça hyzmatdaş ýurtlardaky kärdeşleri üçin ýörite seminarlary gurnaýarlar” diýip, “Rospotrebnadzor” belledi.
Keseli anyklamak üçin niýetlenen enjamlar Russiýanyň Wirologiýa we biotehnologiýa boýunça “Wektor” Döwlet ylmy-barlag merkezi tarapyndan öndürildi.
Bellenilişi ýaly, iýul aýynyň ahyryna çenli Russiýa maýmyn mama keselini anyklamak üçin niýetlenen enjamlary Müsüre, Uganda, Efiopiýa we Konga hem ugradar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) 23-nji iýulda maýmyn mama keseliniň ýaýramagynyň halkara saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýdygyny yglan etdi. Bu diýmek, BSGG keseliň ýaýramagyny global saglyk howpsuzlygy üçin ýeterlik derejede howply hasaplaýar we şo sebäpli bu wirusyň has-da ýaýramagynyň hem-de pandemiýa derejesine ýetmeginiň öňüni almak üçin bütindünýä jemgyýetiniň utgaşdyrylan tagallalarynyň zerurdygyny pikir edýär.