Türkmenistan Owganystanyň täzeden dikeldilmegine, dünýä ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagyna we infrastrukturasynyň ösüşine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler minitriniň orunbasary Wepa Hajiýew sişenbe güni Daşkentda geçirilen “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahatyň dowamynda aýtdy.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, W.Hajiýew hut şu görkezijileriň sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde oňyn täsir etjekdigini belledi.
Maslahata gatnaşyjylar Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmegiň we berkitmegiň bu ýurtda parahatçylygy gazanmak üçin möhüm görkezijiler bolmalydygyna düşünýändiklerini mälim etdiler.
Şeýle hem, W.Hajiýew Türkmenistan üçin Owganystandaky parahatçylygy dikeltmek tapgyrynyň üç esasy ugra, ýagny syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwer ugurlaryna esaslanýandygyny mälim etdi.
Bellenilişi ýaly, ynsanperwer çökgünligiň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömeginiň iberilmeginiň zerurlygy bellenildi.
Mundan başga-da, türkmen tarapy başlanan halkara ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirip, owgan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň wekiliýeti gatnaşdylar.