“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi
Kanun döwlet edaralaryny ilata hödürlenýän elektron hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin çäreleri görmäge borçlandyrýar.

“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny 27-nji iýuldan, ýagny Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen gününden güýje girdi.

Täze Kanuna laýyklykda, elektron hökümet – maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar üçin elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamydyr.

Kanun döwlet edaralaryny ilata hödürlenýän elektron hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin çäreleri görmäge borçlandyrýar.

Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň hyzmaty ýerine ýetirmek üçin beýleki döwlet edaralarynda bar bolan resminamalary hem-de maglumatlary almaly bolan halatlarynda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi köpugurly “Bir penjire” ulgamy boýunça amala aşyrylar. Şunda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasy görkezilen resminamalary we maglumatlary pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly, sargyt edijini gatnaşdyrmazdan, özbaşdak alar.

Täze Kanuna laýyklykda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi barada elektron resminama görnüşinde iberilen sargytnama kagyz görnüşinde iberilen sargytnama deňeşdirilýär. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça sargyt edijä iberilýän jogap, kada bolşy ýaly, elektron resminama görnüşinde bolmalydyr we elektron döwlet hyzmatynyň dessurynda bellenen möhletlerde iberilmelidir.

Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara, şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2022