Türkmen haj zyýaratçylary ýurdumyza dolanyp geldiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen haj zyýaratçylary ýurdumyza dolanyp geldiler
Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler.

Gurban baýramynda Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary ýurdumyza dolanyp geldiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler.

Şeýle-de olar Mekgede Zemzem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddes ýerlerde haj parzlaryny berjaý edip, togap dessuryna eýerdiler we mukaddes Käbäniň daşyndan aýlandylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ähli musulmanlaryň baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan ildeşlerimiziň 275-si “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar we dünýäniň ähli künjeklerinden mukaddes Käbä sežde etmäge gelen zyýaratçylaryň köp sanlysynyň hataryna goşuldylar.

2022