Türkmenistanda çüýşe önümlerini öndürýän önümhana gurmak barada Karara gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda çüýşe önümlerini öndürýän önümhana gurmak barada Karara gol çekildi
2018-nji ýylyň fewralynda açylan iri aýna önümçilik zawody buýurmalar esasynda 15 görnüşli çüýşe gaplary öndürýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhanany gurmak boýunça Karara gol çekdi.

Şertnama Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň arasynda gol çekiler. Resminama laýyklykda, kompaniýa önümhana ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny gurar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we önümhanany 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Täze önümhana “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň bir bölegi bolar.

2018-nji ýylyň fewralynda açylan iri aýna önümçilik zawody diňe bir gurluşyk maksatly aýnalar öndürmän, buýurmalar esasynda 15 görnüşli çüýşe gaplary hem öndürýär. Bu buýurmalar türkmen telekeçileriniň önümçiliginde, lukmançylykda we hojalykda giňden ulanylýar.

2022