Türkmenistan-ABŞ Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-ABŞ Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi
Iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar gepleşikleri dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde binasynda şenbe güni Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew duşuşygy açyp, bu duşuşygyň howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin geljekki geňeşmeleriň esasy bolup durýandygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly howplara we beýleki hereketlere garşy göreşmegiň netijeliliginiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek, maglumat howpsuzlygyny güýçlendirmek çäreleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň gurulmagyna aýratyn üns berildi. W.Hajiýew Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy we ykdysady durnuklylygyna hem-de agzybirligine we gülläp ösmegine gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Bu nukdaýnazardan, “Merkezi Aziýa+ABŞ” we “Türkmenistan-ABŞ-Owganystan” ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlarynyň netijeliligi bellenildi.

Şeýle-de maslahatyň ahyrynda iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar gepleşikleri dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

2022