Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al Hajraf Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna – Türkmenistana, Täjigistana, Gyrgyzystana, Özbegistana we Gazagystana sapar eder.
Saparynyň başynda Al Hajraf AHG bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň wajyplygyny nygtady we umumy bähbitlere hyzmat etmek üçin ähli ugurlarda olary ösdürmek babatynda tagallalary etmäge ygrarlydygyny aýtdy. Bu barada AHG ýekşenbe güni metbugat beýanatynda habar berdi.
Geňeşiň ýolbaşçysy bu saparyň AHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ähli pudaklarda bilelikdäki işiň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga goşant goşjakdygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, Al Hajraf şeýle hyzmatdaşlygyň ykdysady gatnaşygyň, söwda alyş-çalşygynyň, energiýa, suw we azyk howpsuzlygynyň ugurlarynyň pugtalandyrmagyna, howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ösüş tagallalaryna goldaw berjekdigine umyt bildirdi.
AHG sebitara, hökümetara, syýasy we ykdysady birleşik bolup, onuň düzümine Bahreýn, Kuweýt, Oman, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri girýär. Bu birleşigiň baş edara binasy Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde ýerleşýär.