Hindistanda Merkezi Aziýa bilen aragatnaşyga bagyşlanan Çabahar güni geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hindistanda Merkezi Aziýa bilen aragatnaşyga bagyşlanan Çabahar güni geçirildi
Bu çärä Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ilçileri, şol sanda Türkmenistanyň ilçisi Şalar Geldinazarow hem gatnaşdy.

Hindistanyň Portlar, deňiz daşama we suw ýollary ministrligi ýekşenbe güni Mumbaýda Merkezi Aziýa ýurtlaryna baglaşýan Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň (HDGUG) bir bölegi bolan “Çabahar” portuna bagyşlanan Çabahar gününi geçirdi. Bu barada ministrligiň metbugat beýanatynda habar berildi.

Hindistanyň Portlar, daşama we suw ýollary ministri Sarbananda Sonowal öz çykyşynyň dowamynda öz ýurdunyň Eýranyň Çabahar şäherindäki “Şahid Beheşti” portuny GDA ýurtlaryna ýetmek üçin HDGUG-yň üstaşyr merkezine öwürmäge maksat edinýändigini aýtdy.

Bu çärä Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ilçileri, şol sanda Türkmenistanyň ilçisi Şalar Geldinazarow hem gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlaryny Hindistan we beýleki daşarky bazarlar bilen söwdasyny ýeňilleşdirmek üçin “Şahid Beheşti” portunyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyryp, Sonowal ähli gyzyklanýan taraplara ulag daşama wagtyny hasam azaltmak, Hindistandan Merkezi Aziýa çenli has gysga, çalt we ygtybarly ugur kemala getirmek üçin tekliplere garaşýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri Çabaharyň HDGUG bilen arabaglanyşygynyň sebitlerinde daşary söwdany ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup biljekdigini we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak mümkinçiligini bellediler.

Eýranyň günorta-gündogarynda we Oman aýlagynda ýerleşýän “Çabahar” porty ýurduň ýeke-täk çuň suw porty bolup, “Şahid Kalantari” we “Şahid Beheşti” atly iki aýry portdan ybaratdyr.

Hindistan 2018-nji ýylda “Çahbahar” portunyň bir böleginiň dolandyrylyşyny öz üstüne aldy. Hindistan bilen Eýranyň arasyndaky “Çabahar” porty boýunça gepleşikler 2003-nji ýylda başlandy. Taraplar 2015-nji ýylda porty ösdürmek boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler. Taraplar soňra porty enjamlaşdyrmak we işletmek üçin resmi 10 ýyllyk şertnama gol çekdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022