TDHÇMB-da dizel ýangyjynyň eksporty boýunça 18 geleşik hasaba alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da dizel ýangyjynyň eksporty boýunça 18 geleşik hasaba alyndy
Geleşigiň umumy bahasy 17,1 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjynyň eksporty boýunça 18 sany geleşik hasaba alyndy.

Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler jemi 15 müň tonna türkmen dizelini satyn aldylar. Bu barada Orient.tm sişenbe güni habar berdi.

Dizel ýangyjynyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 5,2% arzanlady we onuň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 145,25 ABŞ dollaryna barabar boldy. Geleşigiň umumy bahasy 17,1 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 46 million 586 ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022