Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 84 milliard 321 million manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 14,9% artdy. 2021-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 73 milliard 381 million manada deň boldy.
2022-nji ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 55 milliard 487 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,8% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 52 milliard 923 million manada deň boldy.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 11 milliard 524 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 72% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 6 milliard 700 million manada deň boldy.
Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 17 milliard 758 million manada deň bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25,8% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 13 milliard 758 million manada barabar boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.