Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Prezidenti Jo Baýden çarşenbe güni Daşary gullugynyň işgäri Ýelizaweta Rudy ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine teklip etdi. Bu barada Ak Tam öz metbugat beýanatynda habar berdi.
Ýelizaweta Rud häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky (Moskwa) ilçihanasynda wekilhananyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär. Ondan ozal, Ýelizaweta Rud ABŞ-nyň Harby söweş kollejinde fakultet geňeşçisi hem-de ABŞ-nyň Gruziýadaky (Tbilisi) ilçihanasynyň wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary bolup işledi.
Şeýle hem, ol ABŞ-nyň Owganystandaky, Pakistandaky, Germaniýadaky we Awstriýadaky diplomatik wekilhanalarynda, şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde dürli wezipelerde işledi.
Rud Döwlet departamentiniň birnäçe baýraklarynyň, şol sanda Daşary işler gullugynyň üç sany baýraklarynyň eýesidir. Demirgazyk Karolinada doglan Ýelizaweta Rud fransuz, rus, nemes, puştu, dary we gruzin dillerini bilýär.
Ýelizaweta Rud ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komiteti tarapyndan tassyklanandan soň öz wezipesine girişer.