FAO: iýul aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýene-de peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: iýul aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýene-de peseldi
Dünýäde bugdaýyň bahasy 14,5% düşdi.

Azyk önümleriniň global bahalary iýul aýynda ýene-de peseldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 140,9 bala ýetdi. Indeks iýun aýy bilen deňeşdirilende 9% peseldi. Emma bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,1% ýokarydyr.

Azyk önümleriniň bahasynyň ýokary derejeden arzanlamagyna kanagatlanma bildirip, FAO-nyň baş ykdysatçysy Maksimo Torero muňa garamazdan, ençeme bökdençlikleriň ýüze çykyp biljekdigini aýtdy.

Maksimo Toreronyň aýtmagyna görä, geljekdäki önümçilige we daýhanlaryň işine täsir edip biljek dünýä ykdysadyýetiniň geljegi boýunça näbelli çaklamalar, walýutalaryň durnuksyzlygy we dökünleriň ýokary bahalary global azyk howpsuzlygy üçin hakykatdanam kynçylyk döredýär.

Ösümlik ýagy, şeker, süýt, et we galla önümleriniň baha indeksi iýul aýynda peseldi we şol sanda bugdaýyň bahasy 14,5% düşdi.

2022