Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda anna güni “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, meýdany 1,5 gektara barabar bolan bu merkez Esenguly etrap häkimliginiň buýurmasy boýunça Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirligi tarapyndan çagalaryň dynç alşyny guramaga hem-de gurluşyk ülňülerine bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda bina edildi. Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, şol sanda oýun hiňňildikleri, awtodrom, syn ediş çarhy, oýun zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär.
Balkan welaýatynyň Esenguly etraby 2018-nji ýylyň jemi boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanyp, 1 million ABŞ dollary möçberinde sylaga mynasyp boldy. Şol pul serişdeleri çagalar üçin täze dynç alyş merkeziniň desgalarynyň gurluşygyna hem-de döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirildi.