Awgust I hepde: eksport geleşikleri $32 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awgust I hepde: eksport geleşikleri $32 milliondan geçdi
Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly kaliý serişdesini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 32 million 158 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly kaliý serişdesini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewürleri nah ýüplük satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

2022