Türkmenistan Bakuwdaky halkara demirýol ýük daşamalary boýunça maslahata gatnaşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan Bakuwdaky halkara demirýol ýük daşamalary boýunça maslahata gatnaşdy
Duşuşygyň dowamynda Hytaýyň Kaşgardaky demir ýol menzilinden Ýewropa ýük daşama boýunça synag taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde duşenbe güni Aziýa-Ýuwaş Umman ýurtlary – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa halkara multimodal ugrynyň demir ýol ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň “ADY Container” kompaniýasyna salgylanyp, “Trend” agentligi habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Azerbaýjan Demirýollarynyň başlygynyň orunbasary Ikbal Huseýnow ugruň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin gatnaşyjy ýurtlaryň demir ýol dolandyryjylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünde durup geçdi.

Ikbal Huseýnow bu multimodal ugrundaky ýükleri artdyrmak we ýüze çykýan meseleleriň amaly çözgüdini çaltlaşdyrmak ugrunda bilelikdäki tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Hytaýyň Kaşgardaky demir ýol menzilinden Ýewropa ýük daşama boýunça synag taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, ýygnagyň çäklerinde tarapalar ugur barada maglumatlaryň ýerleşdiriljek web sahypasy boýunça pikir alyşdylar.

Aziýa-Ýuwaş Umman ýurtlary – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa halkara multimodal ugry 2019-njy ýylda degişli ýurtlaryň döwlet demir ýol ulag edaralarynyň gatnaşmagynda döredildi.

2022