Türkmen ilçisi: Türkmenistandaky ýapon kompaniýalarynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýetlidir

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ilçisi: Türkmenistandaky ýapon kompaniýalarynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýetlidir
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Taro Honda (Surat: Ýaponiýanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow sişenbe güni Ýaponiýanyň Parlamentiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Taro Honda bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistandaky ýapon kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Bu barada Ýaponiýanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydygy bellenildi.

Parlamentiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Taro Honda ilçisiniň Ýaponiýa gelmegi bilen mähirli gutlap, şu ýylyň aprel aýynda Premýer-ministr Fumio Kisida bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda tassyklanan iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.

Taro Honda Türkmenistanyň Ýaponiýa görkezen çuňňur dostlugy we Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine gurbanlyk sadakasy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de ilçi Atadurdy Baýramow iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli döwlet  saparlary, parlamentara alyş-çalyşlary, halkara meýdançasynda hyzmatdaşlyk we “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogy ýaly ýakyn gatnaşyklara ünsi çekdi.

Taraplar şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, has ýakyndan işlemek barada ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022