Özbegistan ýük awtoulaglarynyň (TIR) daşalmagy üçin Türkmenistan bilen bilelikdäki ulag kompaniýasyny döretmegi teklip etdi. Bu baradaky teklip Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň sişenbe güni Taşkentda ýurduň halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky tanyşdyrylyşynyň dowamynda mälim edildi.
Tanyşdyrylyşyň barşynda bu ugurda Pakistan bilen hem bilelikdäki kompaniýanyň döredilmegi teklip edildi. Şeýle-de Özbegistanyň Ulag ministrligine telekeçiler üçin iň amatly ugurlary işläp düzmek we ulag çykdajylarynyň azalmagyny gazanmak tabşyryldy. Bu barada Özbegistanyň “Yuz.uz” agentligi habar berdi.
“Ulag pudagynyň ösüşi ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Ýük daşamagyň özüne düşýän bahasy pes bolanda eksport we maýa goýumlary ýokarlanar” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy.
Şeýle-de her bir ulag geçelgesi üçin derwaýys meseleler, şol sanda olary çözmek üçin teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özbegistanyň eksport ýüklerini Ýewropa daşamak üçin goşmaça rugsat almak bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň ähmiýeti nygtaldy.