TDHÇMB-da karbamidiň bahasy 60,7% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da karbamidiň bahasy 60,7% artdy
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Marykarbamid” zawodynda öndürilen karbamidiň bir tonnasy 455 ABŞ dollaryndan satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda täjigistanly telekeçi “B” görnüşli karbamidiň 5 müň tonnasyny satyn aldy. Bu harydyň bahasy ozalky söwdalar bilen deňeşdirilende 60,7% ýokarlandy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Marykarbamid” zawodynda öndürilen karbamidiň bir tonnasy 455 ABŞ dollaryndan satyldy. Karbamidiň eksporty boýunça geleşigiň umumy bahasy 2,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni mälim etdi.

Şeýle hem, türkiýeli işewür dürli görnüşli nah ýüplükleriň 90,3 müň kilogramyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 307,02 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-nyň çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda 2,5 million ABŞ dollarlyk geleşik baglaşyldy.

TDHÇMB-nyň sişenbe güni geçirilen söwdalarynda owganystanly telekeçi “Polimer Gap” hojalyk jemgyýetiniň öndüren mineral dökünleriniň 110 tonnasyny satyn aldy. Bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 435 ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022