Belarusda GDA ýurtlarynyň ykdysady howpsuzlygy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Belarusda GDA ýurtlarynyň ykdysady howpsuzlygy maslahatlaşyldy
Duşuşykda GDA ýurtlarynyň ykdysady we maliýe jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça halkara maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. (Surat: GDA-nyň metbugat gullugy)

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) agza ýurtlaryň penşenbe güni Minsk şäherinde geçirilen salgyt (maliýe) derňew edaralarynyň utgaşdyryjy geňeşiniň 21-nji ýygnagynyň dowamynda ykdysady howpsuzlyk çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada GDA-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň salgyt we maliýe derňew edaralarynyň wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başygynyň orunbasary Beketžan Žumahanowyň ýolbaşçylygynda Ýerine ýetiriji komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

“Geňeşiň işi çalt depginde alnyp barylýar hem-de maliýe pudagyndaky düzgünleriň bozulmagyna we transmilli ykdysady jenaýatlaryň ýüze çykmagyna tiz wagtda jogap bermäge mümkinçilik berýär. Geňeş ykdysady ugurdaky häzirki iş ýagdaýyna obýektiw baha bermäge, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny gowulandyrmaga, hyzmatdaşlygyň häzirki zaman görnüşlerini durmuşa geçirmäge we bilelikde halkara jenaýata garşy göreşmäge ýardam edýär” diýip, Beketžan Žumahanow mejlisiň dowamynda belledi.

Duşuşykda GDA ýurtlarynyň salgyt (maliýe) derňew guramalarynyň öz ýurtlarynyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek, ykdysady we maliýe jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça halkara maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de mejlisiň çäklerinde Belarusyň Döwlet gözegçilik komitetiniň başlygy – Maliýe derňew bölüminiň müdiri Igor Marşalow GDA agza ýurtlaryň salgyt (maliýe) derňew guramalarynyň ýolbaşçylarynyň utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlandy.

2022