EIA: 2023-de nebitiň ortaça bahasy $95-den geçer

BIZNES TÜRKMENISTAN
EIA: 2023-de nebitiň ortaça bahasy $95-den geçer
EIA aýlyk çap edýän energiýa hasabatynda 2023-nji ýylda nebitiň WTI görnüşiniň bir barreliniň bahasynyň 83,19 ABŞ dollaryna deň boljakdygyny mälim etdi. (Surat: BP)

2023-nji ýylda Nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barelliniň ortaça bahasy 95,13 ABŞ dollaryna barabar bolar diýip, ABŞ-nyň Energetika maglumatlary edarasy (EIA) sişenbe güni çaklady. Bu bolsa edaranyň ozalky (bir barrelliniň bahasy 93,75 ABŞ dollary) çaklamasyndan 1,45% ýokarydyr.

EIA aýlyk çap edýän energiýa hasabatynda 2023-nji ýylda nebitiň WTI görnüşiniň bir barreliniň bahasynyň 83,19 ABŞ dollaryna deň boljakdygyny mälim etdi. Geçen aý çap edilen hasabatda onuň bir barreliniň bahasynyň 89,75 ABŞ dollaryna deň boljakdygy çaklanypdy.

Şol bir wagtyň özünde EIA 2022-nji ýyl üçin çaklamasyny täzeläp, nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barelliniň ortaça bahasynyň 104,78 ABŞ dollaryna we nebitiň WTI görnüşiniň bir barreliniň bahasynyň 98,71 ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny aýtdy. Bu görkezijiler geçen aýyň çaklamasynda degişlilikde 104,05 ABŞ dollary we 98,79 ABŞ dollaryna barabardy.

Agentlik birnäçe faktorlar, şol sanda Ýewropadaky geosyýasy ýagdaýlar, OPEC+ ýurtlarynyň önümçilik boýunça kararlary hem-de ABŞ-nyň nebit we tebigy gaz önümçiliginiň ösüş depgini sebäpli, häzirki baha çaklamasynyň ‘örän näbellidigini’ duýdurdy.

“Reuters” agentliginiň bellemegine görä, anna güni nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreliniň şertnamalary 99 ABŞ dollaryndan we nebitiň WTI görnüşiniňki 93,84 ABŞ dollaryndan söwda edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022