Gurtly ýaşaýyş toplumynda 64 sany ýaşaýyş jaý ulanylmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurtly ýaşaýyş toplumynda 64 sany ýaşaýyş jaý ulanylmaga berler
Gurtly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda üç müňden gowrak maşgala täze öýlere göçüp gelerler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýakyn aýlarda Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda 64 sany dört gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlarlar. Bu barada Türkmensitanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 90 gektardan gowrak meýdany tutýan bu toplumyň binalarynda timarlaýyş işleri tamamlanyp, awtoulag ýollary asfaltlanýar, toplumyň içinde we jaýlaryň arasynda ulag we pyýada ýollary çekilýär.

Gurtly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda üç müňden gowrak maşgala täze öýlere göçüp gelerler.

Öýler 150 inedördül metrlik dört otagly, 120 inedördül metr meýdany bolan üç otagly we meýdany 88 inedördül metr bolan iki otagly öýlerden ybaratdyr.

Gurty ýaşaýyş toplumynda söwda nokatlary, söwda we dynç alyş merkezi, bazar, durmuş üçin hyzmat desgalary, mekdep we çagalar baglary bardyr.

2022