Türkmenistan Özbegistana 11,7 million litr benzin eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Özbegistana 11,7 million litr benzin eksport etdi
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistan umumy bahasy 35,9 million ABŞ dollaryna barabar bolan benziniň 60,6 million litrini import etdi.

Özbegistan 2022-nji ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistandan 11,7 million litr benzin import etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “Podrobno.uz” täzelikler saýty anna güni habar berdi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan Özbegistany Russiýadan soň ikinji iri ýangyç bilen üpjün ediji döwlet boldy.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistan umumy bahasy 35,9 million ABŞ dollaryna barabar bolan benziniň 60,6 million litrini import etdi. Rus benziniň Özbegistana eksporty 48,8 million litre deň boldy.

Şol bir wagtyň özünde, Özbegistan şu ýylyň geçen alty aýynda 562,7 müň tonna benzin öndürdi (1 tonna 1320 litr benzine deňdir), bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,8% ýokarlandy.

Özbegistanyň 2022-nji ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 418,2 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022