Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 251 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Täjigistanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nebithimiýa önümlerini, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşini, şeýle hem mineral dökünleri satyn aldylar.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 2 million 921 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 1 million 440 müň manatlyk ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.