Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi
Iş maslahatynyň dowamynda şäheriň desgalarynyň gurluşygynyň ýokary hil derejesini hem-de olaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda şäheriň desgalarynyň gurluşygynyň ýokary hil derejesini hem-de olaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanylyşy barada giňişleýin hasabat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň inženerçilik desgalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, işleriň bellenilen tertibe laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem ekologiýa talaplarynyň göz öňünde tutulmagynyň baş talapdygyny ýatlatdy.

Mundan başga-da, Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri we bu ýerde guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalary, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň enjamlaşdyrylmagy, olaryň üpjünçilik derejesi boýunça beýan edilen teklipleri degişli hünärmenler bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna 2019-njy ýylyň aprel aýynda badalga berildi.

2022