Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi
Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramak üçin BMG-niň howandarlygynda ýörite iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň duşenbe güni öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesinde ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň howandarlygynda ýörite iş toparyny döretmegi teklip etdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň bellemegine görä, bu iş toparynyň wezipesi ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramakdan we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barmakdan ybarat bolar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Kararnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

“Biz Baş Assambleýanyň “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky” Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam eder.

“Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletleriň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

2022