Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we AHG agza döwletleriniň DIM-leriniň duşuşygy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we AHG agza döwletleriniň DIM-leriniň duşuşygy geçiriler
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruiniň arasynda duşenbe güni Awazada geçirilen duşuşyk (Surat: "Orient" habarlar agentligi)

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň strategiki dialog boýunça ilkinji duşuşygy şu ýylyň sentýabrynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruiniň arasynda duşenbe güni geçirilen gepleşikleriň jemlerinde mälim edildi.

Duşuşyk “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde geçirildi.

“Orient” agentliginiň habar berşi ýaly, resmiler ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy, hususan-da ulag we logistika ugurlaryny açmagyň geljegi, Türkmenbaşy porty bilen Dubaý we Abu-Dabi portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz ulgamyna goşulmagy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda BAE-niň Prezidenti Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy boýunça ýurda resmi sapar etjekdigini nygtadylar.

Şeýle hem, resmiler BAE-niň gatnaşmagynda Türkmenistanda gaz-himiýa, maliýe we ulag  taslamalarynda öňegidişlige we birnäçe şertnamalara, şol sanda Jebeldäki howa menziliniň, Serdar etrabyndaky elektrik bekedininiň we Türkmenabatdaky garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek meselesine garadylar.

Duşuşygyň dowamynda dokma senagatynda hyzmatdaşlyk, BAE bazaryna hem-de Aýlag we Afrika ýurtlaryna türkmen önümlerini eksport etmek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

AHG sebitara, hökümetara, syýasy we ykdysady birleşik bolup, onuň düzümine Bahreýn, Kuweýt, Oman, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri girýär. Bu birleşigiň baş edara binasy Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde  ýerleşýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022