“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň netijesi boýunça sişenbe güni Jemleýji Beýannama kabul edildi.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynda bilelikde kabul edilen Jemleýji Beýannama ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň çykyşlarynyň, deslapky resminamalaryň, umumy mejlisleriň çäklerinde olary ara alyp maslahatlaşmagyň esasynda taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, resminamada COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly dikeldilmegi hem-de galan döwürde Hereketleriň Wena maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmak üçin özara ulag baglanyşygyny güýçlendirmegiň wajyplygy nygtalýar.
Beýannamada şeýle hem Birinji Ählumumy ulag maslahatynyň jemleri boýunça binýady goýlan durnukly ulag boýunça Aşgabat prosesini dowam etmegiň, bu prosesiň çäklerinde degişli köptaraply geňeşmeleriň hem-de bilim çäreleriniň geçirilmeginiň möhümdigine üns çekilýär.
Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar ulag, gümrük, wiza hem-de beýleki söwda-ulag meseleleriniň oňyn çözülmeginiň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam bermek üçin uly ähmiýetini bellediler.